Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi
12 Few
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

2021-nji ýylyň 11-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi, diýip TDH habar berýär. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň dowamynda ýolbaşçylary wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere, resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna, şeýle hem käbir beýleki meselelere garaljakdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Täze wise-premýeriň wezipesi döwlet we jemgyýetçilik gurluşynda, bilim hem-de saglygy goraýyş, maliýe-ykdysady ulgamlarda sanly ulgamy we innowasion tehnologiýalary doly derejede ösdürmegi hem-de bu işlere gözegçiligi üpjün etmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy wezipelerine Serdar Berdimuhamedowy belläp, ony senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna hem-de häkimlere ýüzlenip, käbir ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak baradaky çözgütlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine B.Annamämmedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Meredowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Abdrahmanowy belläp, ony Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi dowam edip, wise-premýer Ş.Abdrahmanowa birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz pensiýa gitmegi sebäpli, B.Amansaryýewi Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TDH-niň ýolbaşçysyna döwletimiziň öňünde uly hyzmatlary bitirendigi üçin minnetdarlyk bildirip, B.Amansaryýewi «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen orden bilen sylaglamak barada karara gelendigini aýtdy hem-de oňa berk jan saglyk we abadançylyk arzuw etdi.

Milli Liderimiz Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine M.Gazakbaýewi belläp, ony «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri üçin, M.Baýramdurdyýewi oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşatdy. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine A.Altyýewi belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milli Liderimiz mejlisiň jemini jemläp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýerlerde ýygnaklary geçirip, wezipä täze bellenen ýolbaşçylary tanyşdyrmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.